Türkmenistan we Aziýa ösüş banky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollaryny maslahatlaşdy

MilliInfo
Türkmenistan we Aziýa ösüş banky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollaryny maslahatlaşdy

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa departamentiniň baş direktory Lea Gutiýerresiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Aziýa ösüş banky bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar, özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna, sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça tejribe alyşmaga, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem taraplar häzirki zaman ykdysady meýilleri we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge we netijeli dialogy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info