Türkmenistanyň futbol boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Aziýa Kubogy 2026-nyň Iordaniýanyň Amman şäherinde dowam edýän saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygynda Hytaý Taýpeýini uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk 5:1 hasabynda tamamlandy.
Türkmen ýygyndysyndan 19-njy minutda Daýanç Meredow, 32-nji minutda bolsa Söhbet Durdyýew tapawutlandy. 43-nji minutda ikinji goluny geçiren Daýanç Meredow dublyň awtory boldy. Zehinli ýigit munuň bilen çäklenmedi. Duşuşygyň ikinji ýarymynyň başynda — 48-nji minutda ol üçünji goluny geçirmegiň hötdesinden geldi. Duşuşygyň ahyrky — bäşinji goluny bolsa 90+2-nji minutda Abdyrahman Annamyradow geçirdi.
Bu oýunda Hytaý Taýpeýiniň ýeke-täk goluny 40-njy minutda Wei Çin Çuan derwezä gönükdirdi.
Şunlukda, Daýanç Meredowyň het-trik eden oýny Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysyna Aziýa Kubogy-2026-nyň saýlama tapgyryndaky ilkinji 3 utugyny getirdi.
Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy indiki duşuşygyny 6-njy sentýabrda Butanyň ýaşlar düzümine garşy geçirer.

