Şu gün — 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda 2025-nji ýylyň dowamynda alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijeleri hem-de 2026-njy ýylda geçirilmesi meýilleşdirilýän çäreler boýunça metbugat brifingi geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, bileleşigiň Watanymyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Beata Peksa hem-de Ýewropa döwletleriniň birnäçesiniň Türkmenistandaky ilçileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Metbugat brifingini Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa açdy. Ol Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy dialogyň ýokary derejesini belledi hem-de hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça anyk maglumatlara ýüzlendi. Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň çygrynda 2025-nji ýylyň dowamynda alnyp barlan işler boýunça jikme-jik sanlary hem maglumatlary belläp geçdi. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň ähmiýeti tassyklanyldy.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksanyň çykyşynda hem 2025-nji ýylyň netijelerine uly ähmiýet berlip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine aýratyn üns çekildi.
Brifingde 2026-njy ýylda meýilleşdirilýän çärelere hem uly ähmiýet berildi. Bu ýerde özara dialoglar, bilelikdäki hereketler boýunça taslamalar, ýokary derejedäki duşuşyklar, utgaşykly ädimler nygtaldy.
Geçen ýylda ähmiýetli duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Türkmenistanyň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň liderleriniň ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleriniň duşuşyklary, Parlamentleriň wekilleriniň saparlary gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze sahypasyny açmakda aýratyn tapgyrdyr.
Beata Peksanyň belleýşi ýaly, 2026-njy ýyl üçin taýýarlanan uly göwrümli taslama çäreleriň ençemesini özünde jemleýär. Şunda olara Türkmenistandan müňlerçe gatnaşyjy bellige alnar. Bu meselede Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsyň çykyşy hem üns bilen diňlenildi. Ol Germaniýa — Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynda ministrler derejesindäki duşuşyklaryň ornuny belledi.
Brifingde aýratyn ähmiýet berlen maglumatlaryň biri hem, ýakynda geçirilmesi meýilleşdirilýän «Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan» biznes forumy boldy. Beata Peksa bu ähmiýetli forum üçin bellige almagyň açykdygyny mälim etdi we ondan garaşylýan netijelerden söhbet açdy. Ol hemmeleri bilelikde ýaýbaňlandyryljak çärelere çagyrdy.
Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleniň çykyşy hem Ýewropa ýurtlary bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk ugurlary hakynda boldy.
Metbugat brifinginiň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň agzalarynyň sowallaryna jogap berdiler.
Ajaýyp çärede hyzmatdaşlygyň ýylsaýyn ösýändigi aýdylyp, gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda tagallalaryň gaýgyrylmajakdygy beýan edildi.