Türkmenistan oba hojalyk pudagynda Belarusyň tejribesine gyzyklanma bildirýär

MilliInfo

Türkmen wekiliýeti şu ýylyň 2 — 6-njy iýuny aralygynda Belarusyň agrosenagat hepdeliginiň çäklerinde Minsk şäherinde ýaýbaňlandyryljak «BELAGRO – 2026» sergisine gatnaşar.

Ähmiýetli çärä gatnaşmak bilen bagly meseleler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygy toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Taňryguly Atahallyýew bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoýyň Aşgabatda geçiren duşuşygynyň dowamynda maslahatlaşyldy.

Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, taraplar weterinariýa, tohumçylyk we maldarçylyk ulgamlarynda ýöriteleşdirilen oba hojalyk ylmy guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Sergi agrosenagat toplumynyň gazananlaryny — döwrebap tehnologiýalary, iň täze tehnikalary, ösümlikçilik, maldarçylyk, balykçylyk, gaýtadan işlemek we azyk senagatyndaky täzeçil işläp taýýarlamalary görkezmek üçin ajaýyp meýdançadyr.

Dürli ýurtlardan gelýän hünärmenler oba hojalygyny ösdürmegiň öňdebaryjy usullary, önümleri gaýtadan işlemegiň, gaplamagyň we saklamagyň tehnologiýalary, şeýle hem oba hojalyk tehnikalarynyň dürli görnüşleri bilen tanyşmak üçin bu sergä baryp görýärler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info