Türkmenistan sebitdäki hyzmatdaşlary bilen ylalaşyklary baglaşmak arkaly saglygy goraýyş ulgamyndaky ornuny pugtalandyrmagyny dowam etdirýär.
Şunlukda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Türkiýäniň öňdebaryjy «Turk İlaç ve Serum Sanayi A.Ş. (TRILC)» kompaniýasy bilen möhüm şertnamany baglaşdy. Möhüm ähmiýetli sarysuwlary we derman serişdelerini satyn almak baradaky şertnamanyň bahasy 4 994 137,50 ABŞ dollaryna barabardyr. Resmi sargyt eýýäm öndürijiniň ygtyýaryna gowuşdy. Töleg we harytlary ugratmak işlerini 2026-njy ýylyň fewralynda doly tamamlamak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem Türkmenistan Özbegistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmenistanyň «Altyn Kanun» guramasy Özbegistanyň Farmasewtika senagatyny ösdürmek boýunça agentligi we Farmasewtika tehniki uniwersiteti bilen ylalaşyga gol çekdi.
Taraplar iki ýurduň çäklerinde öndürilen önümleri satyn almak, eksport we import etmek boýunça bilelikde işlemäge ylalaşdylar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň raýatlary Özbegistanyň Farmasewtika tehniki uniwersitetinde hünär taýýarlygyny geçmäge mümkinçilik alarlar.