Paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde ýurdumyz boýunça «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyndaky ilkinji çaga dünýä indi.
Ata-enesi oglanjyga Atamyrat diýip at goýdy. Ýagşy arzuw-umytlar bilen gadam goýlan 2026-njy ýylyň ilkinji minutlarynda Aşgabat şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary — Şeker hem-de Emir Gaýypowlaryň maşgalasynda ak bäbegiň dünýä inmegi diňe bagtyýar maşgalany däl, eýsem, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň ähli wekillerini begendirdi. Şeýlelikde, agzybir maşgalanyň şatlygyna şärik bolan watandaşlarymyz täze doglan bäbegi ýüzlerine sylyp, oňa ýagşy arzuwlar etdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Gaýypowlaryň maşgalasyna gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylýan pursatlary bolsa has-da ýatda galyjy boldy.
