«Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň ilkinji sany okyjylara gowuşdy

MilliInfo
«Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň ilkinji sany okyjylara gowuşdy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň ilkinji sany okyjylar köpçüligine gowuşdy.

Täze neşirde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Belarus döwlet oba hojalyk akademiýasynyň wekilleriniň ylmy makalalary ýerleşdirildi.

Bu elektron neşir ýokary okuw mekdepde oba hojalyk ylymlary we ylmyň beýleki ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglaryň netijelerini, halkara ylmy hyzmatdaşlygyň miwelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge giň mümkinçilikleri döreder. Täze elektron žurnalyň döredilmegi ýaş alymlary, talyp ýaşlary hem agroinnowasiýalary özleşdirmäge we döretmäge, ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirer.

Žurnalda agronomçylyk, agroekologiýa, weterinar lukmançylygy, zootehniýa, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, dokma önümçiligi, gidromeliorasiýa, oba hojalygynyň mehanizasiýasy, oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, oba hojalygynda tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlar, sanly oba hojalygy, oba hojalygynda ýokary tehnologiýalar we Durnukly ösüş maksatlary, tokaý, balyk hojalyklary ýaly dürli ugurlara degişli nazary, ylmy-amaly makalalar okyjylara ýetiriler. «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnaly her 2 aýdan 1 gezek elektron görnüşde taýýarlanar. 

Žurnalyň redaksion geňeşiniň düzümine diňe bir ýurdumyzyň däl, daşary ýurtlaryň hem ylym-bilim ojaklarynyň wekilleri, meşhur oba hojalykçylary goşuldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Gahrymany, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory, akademik Iwan Kuzmin, «Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň», Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Agrar özgertmeler, oba hojalyk ylmy we bilimi müdirliginiň, Döwlet weterinariýa gullugynyň, Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň, Ylmy-barlag däneçilik institutynyň, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň, Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutynyň, Döwlet merkezi botanika bagynyň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Türkmensuwylymtaslama» türkmen döwlet suw hojalyk ylmy-önümçilik we taslama institutynyň, Milli bilim institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bar. Žurnalyň redaksion toparyna bolsa ýokary okuw mekdebimiziň kafedralarynyň ählisiniň wekilleri agzalyk edýärler. 

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» ylmy-amaly elektron žurnalynyň ilkinji sanyny şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info