Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin biologiýa boýunça IV Halkara internet olimpiadasyny yglan edýär.
Olimpiada 20-nji noýabrda geçiriler. Testler we meseleler şol gün ýerli wagt bilen 12:00-da elýeterli bolar. Ol 150 minutlap dowam eder.
Gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar 15-nji noýabra çenli hasaba alnar. Geçiriliş düzgünleri we hasaba alyş baradaky maglumaty uniwersitetiň resmi web sahypasynyň «Halkara olimpiadasy» bölüminden tapyp bilersiňiz.

