Türkmenistanda Ekwatorial Gwineýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi diplomatik wezipesine girişdi

MilliInfo

Düýn — 15-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lusiano Nkogo Ndong Aýekabadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem Lusiano Nkogo Ndong Aýekaba Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Türkmenistanyň durmuş ugurly içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Afrika ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty bilen tanyşdyryldy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şeýle-de ilçä Mejlisiň düzümi we onuň alyp barýan işleri, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler hakynda gürrüň berildi.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, netijeli halkara başlangyçlary durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanda Ekwatorial Gwineýa Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info