Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) «Level 2» derejesindäki sebitleýin tälimçilik okuwlary üstünlikli geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Türkmenistanyň bu okuwlary taryhynda ilkinji gezek kabul edendigini turuwbaşdan bellemek gerek. Munuň özi agzalan tennis toplumynyň Aziýanyň tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» derejesini gazanmagy bilen baglanyşyklydyr.
Ýeri gelende aýtsak, bu toplumda 2020-nji ýylda «Play tennis» okuwlary, 2023-nji ýylda bolsa «Level 1» okuwlary hem guralypdy. Indi bolsa dünýäde ýokary derejeli tennisçileri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýe bolan «Level 2» okuwlary Türkmenistanda geçirildi.
Okuwlara 15 tälimçi gatnaşdy. Olaryň 11-si türkmenistanly, galanlary bolsa Bahreýnden, Iordaniýadan, Saud Arabystanyndan we Özbegistandan gelen tälimçilerdir. Tälim beriş sapaklaryny ITF-niň hünärmenleri — eýranly Seýed Amir Borghei bilen özbegistanly Igor Şelýakin geçirdi.
12 günläp dowam eden okuwlara gatnaşyjylar ITF-niň onlaýn akademiýasy arkaly 37 sany sanly okuw sapagyny özleşdirdiler. Şeýle-de olar kortda geçirilen amaly sapaklara gatnaşdylar, aýratyn we toparlaýyn okuwlary geçirdiler, ýazuw işlerini ýerine ýetirdiler we synag tabşyrdylar. Synaglardan üstünlikli geçenlere halkara derejedäki «Level 2» şahadatnamalary gowşuryldy. Bu resminama tälimçilere halkara ýaryşlarda çykyş edýän tennisçilere ýolbaşçylyk etmäge mümkinçilik berýär.
Ýakyn günlerde ýurdumyzda «Play tennis» okuwlarynyň nobatdaky tapgyryny geçirmek hem meýilleşdirilýär. Bu sapaklary «Level 2» derejesindäki tälimçi Mirali Gasanow bilen «Level 1» derejesindäki tälimçi Aleksandr Şleýkin alyp barar. A.Şleýkin birnäçe ýyllap Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda ýurdumyzyň ýygyndysyna ýolbaşçylyk edipdi. Häzirki wagtda bolsa ol ýaş tennisçilere tälim berýär.
Tälimçilik okuwlarynyň üstünlikli geçirilmegi ýurdumyzda tennis sportunyň has giň gerimde ösdürilmegine, halkara derejede abraýynyň artmagyna we ýaş türgenleriň ýokary derejelere çykmagyna mümkinçilik döredýär.