9-njy noýabrda — ýekşenbe güni türkmen topragynyň sahawatyny, rysgal-berekedi alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary baýramçylyk dabarasynyň ýaýbaňlandyrylan esasy merkezi boldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda azyklyk bugdaýyň hem-de «ak altynyň» bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi, ene toprakdan ýokary hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, oba hojalyk işgärleri uly üstünlikleri gazanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, şanly ýylda edermen gallaçy daýhanlaryň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny, pileçileriň bolsa 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürendiklerini bellemek gerek.

Hasyl toýunyň öňüsyrasynda — 8-nji noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýylda iň ýokary görkezijileri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.

...Irden Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän kenarynda özboluşly bezelen sahnada estrada aýdymçylarynyň, döredijilik toparlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzyň ýeten sepgitlerini wasp edýän çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyga gatnaşyjylara we myhmanlara milli tagamlar, pişmedir süýjülikler hödür edildi.

Dabaranyň dowamynda oba hojalyk toplumynyň zähmetkeşleriniň adyndan ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli, 2022-nji ýylda doglan, Perman we Gaýmak diýen atlaryň neslinden bolan Sahabatly atly ajaýyp ahalteke bedewi Arkadagly Gahryman Serdarymyza sowgat berildi.

Dabaranyň çäklerinde açyk asmanyň astynda ýurdumyzyň oba hojalyk we gaýtadan işleýän senagatynyň gazanan üstünliklerini görkezýän sergi guraldy. Onda oba hojalyk toplumynyň ähli pudaklary, Aşgabat, Arkadag şäherleri, ýurdumyzyň welaýatlary öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Ak öýleriň ýanynda gazanlar atarylyp, türkmen toýuna mahsus milli tagamlar taýýarlanyldy. Milli göreş, tanap çekmek, ýaglyga towusmak, küşt we şaşka boýunça geçirilen ýaryşlar ussatlary ýüze çykardy. Teatrlaşdyrylan sahna çykyşlary bilen birlikde, halk we estrada aýdymlary ýerine ýetirildi. Baýramçylyk dabarasynyň baý döredijilik keşbinde häzirki zaman türkmen sungatynyň özboluşlylygy, onuň žanrlarynyň köpugurlylygy, däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy.

Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde-de maslahatlar, öňdebaryjy oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabaralary, baýramçylyk konsertleri, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi.
