Türkmenistanda maliýe hasabatlylygyny bermegiň gözükdirijisine üýtgeşmeler girizildi

MilliInfo

21 sagat öň

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ykdysady iş alyp barýan subýektler tarapyndan maliýe hasabatlylygyny bermek boýunça gözükdirijä üýtgeşmeleriň girizilendigini aýan etdi. Maliýe we ykdysadyýet ministriniň degişli buýrugy 2025-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Adalat ministrligi tarapyndan bellige alyndy.

Şunlukda, daşary ýurt maýa goýumlary bolan subýektlerden beýleki taraplar aralykdaky we ýönekeýleşdirilen aralykdaky maliýe hasabatlylygyny hasabat senesiniň yz ýanyndaky aýyň 20-sine, umumy maksatly hem-de ýönekeýleşdirilen maliýe hasabatlylygyny bolsa hasabat ýylyndan soňky ýylyň 25-nji ýanwaryndan gijä galman tabşyrmalydyrlar.

Daşary ýurt maýa goýumlary bolan subýektler üçin maliýe hasabatlylygynyň bermegiň möhletleri bolsa aralykdaky hasabat senesiniň yz ýanyndaky aýyň 25-ine berilmelidir. Şunda umumy maksatly we ýönekeýleşdirilen maliýe hasabatlylygyny tabşyrmagyň möhleti hasabat ýylyndan soňky ýylyň 25-nji ýanwaryna çenlidir.

Mundan başga-da, önümçilik birleşikleri, birleşikler, paýdarlar jemgyýetleri, agentlikler jebislendirilen maliýe hasabatlylygyny aralykdaky hasabat senesiniň yz ýanyndaky aýyň 30-yndan, ýyllyk maliýe hasabatlylygyny bolsa degişlilikde hasabat ýylyndan soňky ýylyň 1-nji fewralyndan gijä galman tabşyrmalydyrlar.

Resminamada ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň maliýe hasabatlylygyny tabşyrmagynyň möhleti hem bellenilýär. Bu edaralar jebislendirilen maliýe hasabatlylygyny aralykdaky hasabat senesiniň hasabat döwri tamamlanandan soň, 40 günden gijä galman, ýyllyk maliýe hasabatlylygyny bolsa degişlilikde hasabat ýylyndan soňky ýylyň 1-nji fewralyndan gijä galman bermelidirler.

Bu tertip ýurdumyzda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň düzülişini hem-de berlişini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info