«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýakyn wagtda Ro-Ro görnüşli parom gämileriniň ikisini, gury ýük gämileriniň bolsa üçüsini gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy anna güni habar berdi.
Häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda 2 gury ýük gämisiniň hem-de 1 deňiz düýbüni çuňaldyjy gäminiň gurluşygy alnyp barylýar.
Habarda bellenilişi ýaly, işe girizilen gününden bäri zawodda dürli maksatly gämileriň birnäçesinde abatlaýyş işleri geçirilip, sargytlar öz wagtynda we ýokary derejede ýerine ýetirilýär.
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýylda 10 müň tonna polady işläp taýýarlamak we 4–6 sany täze gämileri gurmak, şeýle hem ýylda 2 müň tonna polady işläp taýýarlamak hem-de 20–30 sany gämileri abatlamak üçin niýetlenendir.