Türkmenistanda «Sanly çözgüt — 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan edilýär

MilliInfo
Türkmenistanda «Sanly çözgüt — 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan edilýär

3-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Annaýew «Sanly çözgüt — 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bu bäsleşigiň maksady ýurdumyzda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Şu gezekki bäsleşik emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, sanly lukmançylyk, bilim we elektron okuw, «akylly» şäherler, «akylly» oba hojalyk tehnologiýalary, hyzmatlar ulgamy ugurlary boýunça geçiriler. Onuň netijeleri «Türkmentel — 2026» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde jemlener. Bäsleşige gatnaşan taslamalary ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça işlerde ulanmak we milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işler geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ýaşlarymyzyň bu ugurda geçirilýän innowasion taslamalaryň bäsleşigine işjeň gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Sanly çözgüt — 2026» innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info