Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

MilliInfo

«Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada 8-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew habar berdi.

Konsepsiýanyň esasy maksady sanly infrastrukturany ösdürmekden, döwlet edaralarynyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň netijeli ösmegi üçin amatly şertleri döretmekden, öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalaryny dolanyşyga we kanunçylyga ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Konsepsiýada halkara standartlara, milli bähbitlere laýyklykda, sanly ykdysadyýet babatda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, elektron hökümet ulgamyny, sanly bilim we ylym ulgamyny, sanly lukmançylygy, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, maglumat geçiriş torlaryny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, maýa goýumlary çekmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, elektron hökümet ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz innowasion, ýokary tehnologiýaly sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan resminama gol çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo