Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kanunyna laýyklykda, täze Raýat kodeksi tassyklanyldy. Bu kodeks 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer. Resminama raýat-hukuk gatnaşyklarynyň esasy kadalaryny düzgünleşdirýär we geljek ýyllarda ýurduň hukuk ulgamynyň binýady hökmünde çykyş eder. Raýat kodeksi «Türkmenistan» gazetiniň şu günki — 30-njy iýuldaky sanynda dolulygyna çap edildi.
1343 maddadan ybarat bolan täze kodeksiň güýje girmegi bilen öň hereket eden ähli resminamalaryň güýji bes ediler. Şol sanda 1998-nji, 2003-nji, 2007-nji, 2010-njy, 2012-nji we 2019-njy ýyllarda kabul edilen Raýat kodeksi bilen baglanyşykly kanunçylyk namalary hem güýjüni ýitirer.
Kanuna laýyklykda, täze kodeks 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan soň ýüze çykýan ähli hukuk gatnaşyklaryna degişli ediler. Şol bir wagtda, bu seneden öň emele gelen raýat-hukuk borçnamalaryna täze kodeksiň düzgünleri diňe onuň güýje girizilenden soň ýüze çykýan hukuklary we borçnamalary düzgünleşdirmekde ulanylar.