Pariždäki bilim dialogy: Türkmenistan we ÝUNESKO amaly hyzmatdaşlygy giňeldýär

MilliInfo

Düýn — 25-nji martda Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ÝUNESKO-nyň Baş direktory Haled Al-Enany bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, ýokary hilli bilime deň elýeterliligi üpjün etmek, bilim ulgamlaryny sanly özgertmek, şeýle-de emeli aň tehnologiýalaryny okuw işine ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň bilim ministri ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ýurduň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp geçdi. ÝUNESKO-nyň Baş direktory Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi we hil taýdan kämil hem-de elýeterli bilimi üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeleriň ulgamlaýyn hem-de geljege gönükdirilen häsiýetini aýratyn belläp geçdi. Şeýle hem ýurduň halkara bilim dialogyna işjeň gatnaşýandygy we Durnukly ösüş maksatlarynyň 4-nji maksadynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýokary baha berildi. Şol sanda ÝUNESKO kafedralarynyň işi, Assosirlenen mekdepleriň işi hem-de ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň halkara akademiki torlara gatnaşmagy aýratyn bellenildi. Taraplar «Sanly ylym» boýunça täze ÝUNESKO kafedrasyny açmagyň mümkinçiliklerini, şeýle-de Bilimde maglumat tehnologiýalary boýunça ÝUNESKO institutlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, «Ömürboýy bilim almak» başlangyjy boýunça hyzmatdaşlyk, şol sanda Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň Öwrenýän şäherleriniň global toruna gatnaşmagy bilen bagly meseleler aýratyn seredildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar bilim ulgamynda täze taslamalary durmuşa geçirmek we bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek ugrunda taýýardyklaryny beýan etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info