Türkmenistandan futzal emini Kuala-Lumpurda geçen okuw maslahatyna gatnaşdy

MilliInfo

28 Awgust, 2025

18 — 23-nji awgust aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) guramagynda Aziýa ýurtlarynda geçirilýän halkara futzal duşuşyklarynda eminlik etjek eminleriň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi. Aziýa ýurtlaryndan eminleriň onlarçasynyň gatnaşmagynda geçirilen bu iş maslahatyna ýurdumyzdan FIFA derejeli futzal emini Timur Ramazanow wekilçilik etdi. 

Jemi 56 eminiň gatnaşmagynda badalga alan bu okuw maslahaty 5 gün dowam etdi. Ilkinji günüň birinji ýarymynda eminler özleriniň fiziki taýýarlygy boýunça 3 tapgyrdan ybarat synagdan geçdiler. Eminler gysga we uzak aralyga, öňe, yza hem-de gapdallygyna ylgamak, ýöremek ýaly çeýeligi talap edýän birnäçe kyn synaglaryň hötdesinden üstünlikli gelmegi başardylar. Her günüň ikinji ýarymy bolsa seminar sapaklary bilen utgaşdy. 

Aziýa yklymynyň tejribeli eminlerini hem-de AFK-nyň we FIFA-nyň halkara derejeli hünärmenlerini bir ýere jemlän bu okuw maslahaty halkara tejribeler boýunça pikir alyşmalara baý boldy. Günüň ikinji ýarymynda geçirilen nazary bilimlere esaslanan maslahatlar FIFA tarapyndan futzal oýnuna girizilen täze düzgünleri we oýun ýagdaýynda ýüze çykýan çylşyrymly pursatlary seljermäge gönükdirildi. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo