Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy toparynyň agzasy Bunýad Raşidow 9 — 17-nji maý aralygynda Hindistan Respublikasynyň Gandhinagar şäherinde geçirilýän Aziýa çempionatynda uly üstünlige eýe boldy.
71 kilogram agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz umumylykda 312 kg (147 kg / 165 kg) netije görkezip, iki görnüşiň jemi boýunça bürünç medala eýe boldy. Munuň özi türkmen ýygyndysynyň Hindistanda geçýän Aziýa çempionatyndaky ilkinji medalydyr.
Bu üstünlik agyr atletika boýunça milli mekdebimiziň ajaýyp netijesi hökmünde taryha girdi.
Biz ildeşimizi ajaýyp üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Türkmen ýygyndysynyň beýleki wekillerine hem ýeňişleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.