Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde «V Halkara çagalar döredijilik medeni forumy» geçirilip, oňa dünýäniň 17 döwletinden sungat ugurly zehinli çagalary gatnaşdylar. Halkara çärä Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň zehinli çagalary hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.
Forumyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň belli sungat ussatlary bilen döredijilik duşuşyklary, konsertler, saz we tans hünäri boýunça ussatlyk sapaklaryna we sungatyň dürli ugurlary boýunça tanyşlyk çärelerine gatnaşyldy. Şeýle hem, meýilnama esasynda awtobusly gezelenç arkaly çagalar Moskwa şäheriniň gözel ýerlerine aýlanyp gördüler.
Halkara forumynyň çäklerinde geçirilen gala konsertde ýurdumyzdan ozal hem halkara baýragynyň eýesi bolan, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň tans hünäri boýunça 12-nji synp okuwçysy Aýşat Rejepowa Nury Halmämmedowyň sazy esasynda taýýarlanan tansy bilen çykyş edip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy.
Halkara foruma gatnaşan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň dürli hünärler boýunça bilim alýan zehinli okuwçylaryň altysy Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň ýörite sertifikatlary bilen sylaglandy.
