Türkmenistanly futzal emini Täjigistanda okuw sapagyny geçdi

MilliInfo

28 Iyul, 2025

22 – 24-nji iýul aralygynda Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda Tursunzoda şäherinde ýerli futzal eminleriniň hem-de gözegçi eminleriň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi.

Maslahatda türkmenistanly futzal emini, AFK-nyň gözükdirijisi Wadim Baratow tarapyndan okuw sapagy geçildi. Täjigistanly gözegçi eminleriň 4-sini, eminleriň bolsa 20-sini bir ýere jemlän okuw maslahaty günde iki wagtyna guraldy.

Tutuşlygyna nazaryýet sapaklaryna esaslanan bu maslahat FIFA tarapyndan futzal oýnuna girizilen täze düzgünleri we oýun wagtlary ýüze çykýan çylşyrymly pursatlary seljermäge gönükdirildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info