Türkmenistanly IT-hünärmenleri we ýaşlar «RuCode» olimpiadasynda başarnyklaryny synap bilerler

MilliInfo
Türkmenistanly IT-hünärmenleri we ýaşlar «RuCode» olimpiadasynda başarnyklaryny synap bilerler

18-nji oktýabrda Türkmenistanda «RuCode 2026» algoritmli programmirleme boýunça halkara olimpiadasynyň saýlama tapgyry geçiriler. Ýaryşlar Russiýa Federasiýasynyň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin kommunikasiýalar ministrligi bilen hyzmatdaşlykda guralýar.

Her ýyl bu taslama 89 sebitden 10 müňden gowrak gatnaşyjyny birleşdirýär. Bäsleşige mekdep okuwçylary, talyplar we IT-hünärmenler ýekelikde ýa-da üç adama çenli bolan toparlarda gatnaşyp bilerler. Gatnaşyjylar taýýarlyk derejesine görä aşakdaky toparlara bölünýärler:

  • A–B toparlary — milli we halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara eýe bolan tejribeli programmistler üçin;

  • C–D toparlary — binýatlyk algoritmleri bilýän we ukyplaryny ösdürmek isleýänler üçin;

  • E–F toparlary — täze başlaýanlar üçin.

Geçen ýyl «RuCode» olimpiadasy gatnaşyjylaryň sany boýunça Russiýanyň Rekordlar kitabyna girdi. 2026-njy ýylda taslama öz gerimini has-da giňeldip, ilkinji gezek Russiýada we onuň çäklerinden daşarda birnäçe meýdançalarda ýüzbe-ýüz formatda geçiriler. Saýlama tapgyrynda ýokary netije görkezen mekdep okuwçylary we talyplar dekabr aýynda Moskwada geçiriljek final tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Orunlaryň sanynyň çäklidigi sebäpli, guramaçylar ýüztutmalary öňünden ýollamagy maslahat berýärler.

Şeýlelikde, gatnaşmak isleýän taraplar rucode.net/gx71 saýtynda hasaba durup bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info