Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça Germaniýada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Bu barada «MilliInfo» saýtymyza ýetginjekleri ýaryşa taýýarlaýan «Kämil bilim» okuw merkezinden habar berildi.
Çempionat şu ýylyň 4—6-njy oktýabry aralygynda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde geçiriler. Ýurdumyza zehinli ýetginjekleriň 8-si wekilçilik eder.
2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu halkara ýaryşa her ýyl dünýäniň 20-ä golaý döwletinden 100-den gowrak ýetginjek gatnaşýar. Bäsleşikde gatnaşyjylar ýaş aýratynlyklaryna görä 3 topara bölünýärler.
Türkmenistanly ýaşlar goşmak, aýyrmak, köpeltmek we bölmek ýaly esasy amallar bilen bir hatarda, köpeldijilere dagytmak we droblar ýaly has çylşyrymly ugurlar boýunça-da öz ukyplaryny görkezerler. Bäsleşigiň şertine görä, ýetginjekler 2 sagadyň dowamynda ähli sowallary diňe ýatdan işläp, dogry jogaplary bermeli bolarlar.
Çempionata gatnaşjak türkmen okuwçylarynyň sanawy:
1. Omar Akmyradow (Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň okuwçysy, «Kämil bilim» okuw merkeziniň diňleýjisi)
2. Abdullah Baýramgeldiýew (Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 89-njy orta mekdebiň okuwçysy, «Kämil bilim» okuw merkeziniň diňleýjisi)
3. Liwanur Berdiýewa (Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň okuwçysy, «Kämil bilim» okuw merkeziniň diňleýjisi)
4. Hatyja Durdymämmedowa (Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçysy, «Kämil bilim» okuw merkeziniň diňleýjisi)
5. Patma Gündogdyýewa (Aşgabat şäherindäki takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiň okuwçysy, «Kämil bilim» okuw merkeziniň diňleýjisi)
6. Allaguly Ýusupow (Aşgabat şäherindäki ynsanperwer ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 143-nji orta mekdebiň okuwçysy, «Kämil bilim» okuw merkeziniň diňleýjisi)
7. Ýeňiş Çerkezow (Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Magtymguly adyndaky ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçysy, «Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabatdaky şahamçasynyň diňleýjisi)
8. Mekan Nurgeldiýew (Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy, «Kämil bilim» okuw merkeziniň Türkmenabatdaky şahamçasynyň diňleýjisi)
Ýeri gelende bellesek, çempionata gatnaşjak topar şu ýylyň aprel aýynda ýörite bäsleşik esasynda düzüldi. Şonda ýokarda görkezilen ýetginjekler dünýä çempionatynyň düzgünlerine meňzeş şertlerde, 23 sahypadan ybarat bolan sowallara 2 sagadyň dowamynda ýatdan dogry jogap bermegi başaryp, ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanypdylar.

