Watanyň gymmatlyklaryny dünýä ýaý: Türkmenistanlylar abraýly bäsleşige çagyrylýar

MilliInfo

15 sagat öň

Türkmenistanlylar «Öz Watanyň hakynda dünýä gürrüň ber» («Расскажи миру о своей Родине») atly VIII halkara bäsleşigine çagyrylýar.

Türkmenistanyň möhüm wakalaryndan, däp-dessurlaryndan hem-de taryhy ýerlerinden özüňiz üçin has gyzyklysyny saýlaň we olar barada daşary ýurtda ýaşaýan watandaşlaryňyza we deň-duşlaryňyza wideorolik, ýazgy görnüşindäki sahypa, prezentasiýa ýa-da şekil görnüşindäki taslamalar bilen utgaşdyryp, gürrüň beriň.

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen guralýan bäsleşik aşakda görkezilen ugurlara gönükdirilýär:

• çagalary we ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek,

• ösüp gelýän nesilde Watana bolan söýgi we hormat duýgusyny döretmek,

• milletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi.

Bäsleşige isleg bildirýän taraplaryň ählisi gatnaşyp biler. Bu ýerde ýaş çäklendirmeleriniň ýokdugyny ýatladýarys.  

Ýeňijiler döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşmagynda Moskwada geçiriljek dabaraly sylaglanyş çäresine çagyrylar.

Işleriň 2026-njy ýylyň 1-nji apreline çenli kabul ediler.

Bäsleşige bellige aldyrmak üçin: https://youthy.ru/

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo