Merkezi Aziýa ýurtlaryny — Türkmenistany, Özbegistany we Gazagystany birleşdirýän täze halkalaýyn syýahatçylyk ugry döredildi. Serhetara syýahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen bu taslama ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen 15-den gowrak desgany öz içine alýar.
Täze ugur Merkezi Aziýanyň medeniýetine, taryhyna, sungatyna we tebigatyna gyzyklanýan syýahatçylar üçin ajaýyp mümkinçilikleri açar. Ol syýahatçylary sebitde saklanyp galan baý miras bilen tanyşdyrar.
Syýahatçylyk ugry Türkmenistanyň aşakdaky nokatlaryndan geçer:
Gadymy Merw – Beýik Ýüpek ýolundaky iň iri arheologik merkezleriň biri.
«Derweze» krateri – özboluşly tebigy hadysa.
Köneürgenç – Horezm döwletiniň gadymy paýtagty, ÝUNESKO-nyň sanawynda mynasyp ornuny tapýar.
Ugur Özbegistan (Horezm we Garagalpagystan) bilen Gazagystanyn ajaýyp ýerlerinden uzar.
Syýahatçylyk ugry ýörite edaralar we hususy pudaklar bilen bilelikde taýýarlanyldy. Ol syýahatçylar üçin amatly şertleriň toplumyny we baý medeni mazmun hödürlär. Taslama gastronomik (milli tagamlardan datmak), ekologik (tebigatyň täsin landşaftlarynda dynç almak), etnografik (halk däp-dessurlary, ýörelgeleri we senetleri bilen tanyşmak hem-de zyýarat (mukaddes we ruhy-taryhy ýerleri görmek) maksatly syýahatçylygy utgaşdyrar.