Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Türmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy biragyzdan kabul edildi. Kanun 24-nji noýabrda «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.
Kanunda Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 131 845,1 mln. manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 36 500,0 mln. manat möçberinde tassyklanylýar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 119 703,3 mln. manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 24 358,2 mln. manat möçberinde bellenilýär.
2026-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 3 379,2 mln. manat möçberinde serişdeleri bölüp bermek göz öňünde tutulýar, şol sanda:
Arkadag şäheri 256,9 mln. manat
Daşoguz welaýaty 1 911,3 mln. manat
Lebap welaýaty 1 211,0 mln. manat
Ýerli býujetler 15 521,0 mln. manat möçberinde, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklanylýar:
Aşgabat şäheri 2 742,8 mln. manat
Arkadag şäheri 299,9 mln. manat
Ahal welaýaty 1 893,8 mln. manat
Balkan welaýaty 1 662,3 mln. manat
Daşoguz welaýaty 2 808,7 mln. manat
Lebap welaýaty 3 125,6 mln. manat
Mary welaýaty 2 987,9 mln. manat
Kanunda zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellenilýär.

