Şu gün — 17-nji martda Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça milli ýygyndy topary okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmek üçin Filippinler Respublikasyna ugrady. Şeýlelikde, ýurdumyzyň erkekler hem zenanlar ýygyndy toparlary Filippinleriň Manila şäherinde ýokary derejedäki türgenleşikleri geçerler.
17—31-nji mart aralygynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşýan milli wekiliýete 20 türgen agzalyk edip, şolaryň onusy erkekler, galan onusy bolsa zenanlardyr. Türkmen toparyna Mährijemal Jumageldiýewa ýolbaşçylyk edýär. Wekiliýetiň düzüminde erkekler ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi, tejribeli hünärmen Rustam Bagşyýew hem-de zenanlar ýygyndymyzy türgenleşdirýän ussat halypa Maksim Otbozin hem bar.
Türkmen ýygyndysynyň Manilada ykjam fiziki hem taktiki türgenleşikleri geçmegine garaşylýar. Bu bolsa toparymyzyň has-da kämilleşmeginde we öňde boljak ýaryşlara has-da taýýarlykly gatnaşmagynda möhüm ähmiýete eýe bolar
Aslynda bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň baş maksady Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň 1—5-nji mart aralygynda Singapurda geçiriljek 3x3 basketbol boýunça Aziýanyň Kubogyna ýokary derejedäki taýýarlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.