Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçihanasy ABŞ-da hemişelik ýa-da wagtlaýyn esasda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň ähli kanunlaryna, şol sanda migrasiýa düzgünlerine berk eýermegiň möhümdigini ýatladýar.
Şunlukda, ilçihana türkmen raýatlarynyň wizalarynyň we ýaşamak üçin rugsatnamalarynyň möhletini yzygiderli gözegçilikde saklap, olary wagtynda uzaltmalydygyny, ýurtda galmak möhletini dowam etdirmek islän halatlarynda bolsa degişli iş rugsatnamalaryny hem-de beýleki hukuk resminamalaryny ABŞ-nyň migrasiýa kadalaryna laýyklykda almalydygyny belleýär.
Bu meselede döräp biljek kynçylyklaryň öňüni almak maksady bilen, ilçihana raýatlary wizalar we iş rugsatnamalary bilen bagly meseleleri wagtynda çözmäge çagyrýar. Şeýle hem daşary ýurtda bolmagyň kanunylygyny tassyklaýan we konsullyk hyzmatlaryna elýeterliligi ýeňilleşdirýän konsullyk hasaba alyşyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny ýatladýar. Bu hyzmat raýatlara adatdan daşary ýagdaýlarda hukuk we guramaçylyk taýdan goldaw bermäge, saýlawlara we beýleki resmi çärelere gatnaşmaga mümkinçilik döredýär.