13-nji noýabrda Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary Ýazmyrat Gulmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Waşingtonda (ABŞ) geçirilen Ynamdar tehnologiýalar sammiti — 2026-a (Trusted Tech Summit) gatnaşdy.
Perdýu uniwersitetiniň ýanyndaky Kraç adyndaky Tehnologik diplomatiýa instituty tarapyndan guralan forum Ronald Reýgan adyndaky Halkara söwda merkezinde geçirildi. Bu çäre dünýäniň öňdebaryjy bilermenlerini, diplomatlaryny, döwlet edaralarynyň wekillerini hem-de iň iri tehnologiýa korporasiýalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Gatnaşyjylaryň hatarynda ABŞ-nyň Baş tehniki direktory Maýkl Krasios, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň köpçülikleýin diplomatiýa boýunça orunbasary Sara Rojers we «Cisco» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Çak Robbins dagy bar.
Emeli aňyň, kwant we kosmos tehnologiýalarynyň ösdürilmegi, şeýle hem kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we ygtybarly sanly çözgütleri ornaşdyrmak ugrunda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maslahatlaşmalaryň esasy mowzugy boldy.
Sammite gatnaşmak Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de ABŞ we beýleki daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmek ýolundaky nobatdaky möhüm ädimidir.
