Türkmenistan we Bütindünýä banky bilime esaslanan ykdysadyýeti ösdürmekde anyk ädimleri ylalaşdylar

MilliInfo

30 Oktýabr, 2025

ABŞ-nyň Waşington şäherinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda bilim ulgamynyň hilini ýokarlandyrmak, «ykdysady meýilnamalaşdyryş — bilim we başarnyklar — ylmy barlaglar we tehnologiýalaryň geçirilmegi» ugurlarynyň arasynda durnukly arabaglanyşygy döretmek, şeýle hem bilime esaslanan ykdysadyýeti ösdürmek boýunça anyk ädimler ylalaşyldy.

Duşuykda Bütindünýä bankynyň tarapyna Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça adam maýasyna gözegçilik edýän sebitleýin direktor Mihal Ý.Rutkowski, 24-nji ofisiň (Türkmenistany öz içine alýan konstituensiýanyň) ýerine ýetiriji direktory Beatrice Mazer, bilim boýunça baş ykdysadyýetçiler — Mariýa Marta Ferreira, Sauraw Dew Bhatta we Siro Nakata wekilçilik etdi.

Bu ýerde ähmiýetli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şolaryň hatarynda milli ileri tutulýan ugurlara we dolandyryş analitikasyna daýanyp, «ykdysadyýet — bilim we başarnyklar — ylmy-barlag işleri we tehnologiýalaryň geçirilmegi» ýaly ikitaraplaýyn ulgamynyň kemala getirilmegi, şeýle-de Bütindünýä bankynyň bilim we tejribe ulgamlarynyň ulanylmagy ýaly ugurlar bar. Şunda ASA (Maslahat hyzmatlary we analitika), SABER (Has oňyn bilim netijeleri üçin ulgamlaýyn çemeleşme — iş güýjüni ösdürmek ugry), STEP (Iş we öndürijilik üçin başarnyklar), LMI (Zähmet bazary baradaky maglumatlar), daşarky we içerki hil kepillendirme tejribeleri, şeýle hem ýokary bilim dolandyryş ulgamy bolan HEMIS synpyndaky çemeleşmeler möhüm ähmiýete eýedir. Ýokary we hünär bilimi ulgamynda dolandyryş çözgütlerini kabul etmek üçin zähmet bazary, bilim maglumatlary, hil reýestri we ylmy-barlag işleri / tehnologiýa transfer ofisleri baradaky maglumatlary birleşdirýän integrirlenen platformanyň synag görnüşinde taýýarlanylmagy bolsa munuň üstüni ýetirýär.

Taraplar hyzmatdaşlygy üç ugur boýunça dowam etdirmäge ylalaşdylar: bilim toplumynyň taýýarlanylmagy we tehniki sessiýalaryň geçirilmegi; ASA görnüşinde ekspert we analitiki hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy; ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda integrirlenen pilot çözgüdiň parametrleriniň gurnalmagy.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info