Çekeleşikli dowam edýän Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 3-nji aýlawynyň 18-nji tapgyrynyň iň esasy duşuşygy — «Ahal» – «Altyn Asyr» oýny geçirildi. Çempionatda ikinji orny eýelemek ugrunda gyzgalaňly göreş alyp barýan toparlaryň bu duşuşygynda hasap açylmady. Oýnuň dowamynda garşylyklaýyn hüjümler diýseň kän boldy. «Ahalyň» dürs urgularynyň ençemesine böwet bolan «Altyn Asyryň» derwezeçisidir goragçylary sazlaşykly goragy üpjün etdiler. Şeýlelikde, «Ahal» 32 utuk bilen ýaryş tertibinde ikinji orny saklamagyny dowam edýär. «Altyn Asyr» bolsa 30 utuk bilen öňdäki üçlügi jemleýär.
20.08.2025 (çarşenbe)
18-nji tapgyryñ duşuşygy:
«Ahal» – «Altyn Asyr» – 0:0
Geçirilen ýeri: «Nusaý» st. (Aşgabat şäheri)