Türkmenistanyň daşary işler ministri Katar Döwletinde saparda boldy

MilliInfo

16 Sentýabr, 2025

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 14–15-nji sentýabrda Arap döwletleriniň Ligasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahatyna we adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşmak üçin Katar Döwletiniň paýtagty Dohada saparda boldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Katarda bolup geçen wakalar bilen baglylykda resmi garaýşyny beýan edip, halkara meselelerini çözmekde güýç ulanmagyň kabul ederliksizdigini, onuň BMG-niň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine ters gelýändigini nygtady.

***

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Kataryň Premýer-ministri we daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşdy.

Duşuşykda R.Meredow katar tarapyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny ýetirdi.

Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo