Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža dynç-alyş merkezinde bolup geçen, köp sanly adam pidalarynyň we şikesleriň döremegine getiren pajygaly ýangyn zerarly Şweýsariýa tarapyna gynanç bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Türkmen tarapynyň Şweýsariýada täze ýyl gijesi bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç bildirmegi halkymyzyň duýgudaşlyk hem ynsanperwerlik häsiýetlerini özünde jemleýän asylly ýörelgelere ygrarlylygyny tassyklaýar.