Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnyşyklary instituty hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli «Kitap marafonyny» yglan etdi. Bu barada institutyň resmi saýtynda hödürlenen bildirşde aýdylýar.
«Kitap marafony» ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň magistrleriniň we talyplarynyň arasynda çeper eserleri okamak boýunça bäsleşikden ybarat bolar. Ol 2025-nji ýylyň 24-nji sentýabry — 24-nji oktýabry aralygynda geçiriler.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden «Kitap marafonyna» gatnaşmak islegi bolan magistrler we talyplar maglumatlaryny 2025-nji ýylyň 20-nji sentýabryna çenli «iirmfa.youngscientists@gmail.com» elektron salgysyna ugratmalydyr.

