Halkara gatnaşyklary institutynda Hafez Şirazynyň şygryýet güni mynasybetli medeni-edebi çäre geçirildi

MilliInfo
Halkara gatnaşyklary institutynda Hafez Şirazynyň şygryýet güni mynasybetli medeni-edebi çäre geçirildi

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň guramagynda pars edebiýatynyň görnükli wekili Hafez Şirazynyň şygryýet güni mynasybetli medeni-edebi çäre geçirildi.

Oňa ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyplary, okuwçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Halkara gatnaşyklary institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary we Medeniýet merkeziniň pars dili kurslarynyň talyplary beýik şahyryň gazallaryny okadylar. Bu ýerde pars dilindäki aýdymlar ýerine ýetirilip, edebi kompozisiýalar görkezildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info