Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň özeni bolan energetika pudagy üçin ýokary hünärli, innowasion tehnologiýalara erk edip bilýän ýaş hünärmenleri taýýarlamak Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (TDEI) öňünde duran esasy wezipeleriň biridir. Bu wezipäni amala aşyrmakda mekdep okuwçylarynyň arasynda hünär ugrukdyrma işlerini geçirmek, olaryň geljekki kärine bolan gyzyklanmasyny oýarmak aýratyn ähmiýete eýedir.
Mekdebi gutarýan ýaşlar üçin iň jogapkärli pursatlaryň biri hem dogry hünär saýlamakdyr. Şunuň bilen baglylykda, biziň institutymyzda yzygiderli geçirilýän «Açyk gapylar» günleri diňe bir okuw binasy bilen tanyşlyk däl-de, eýsem, geljekki hünärmeniň kemala gelmeginiň binýadydyr. Bu syýasatyň esasy maksady mekdep okuwçylaryna energetika pudagynyň täsinliklerini, häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini we institutyň döwrebap maddy-tehniki binýadyny görkezmekden ybaratdyr.
Mekdep okuwçylaryny institutymyza çagyryp iş geçirmek diňe bir okuwa kabul etmek däl, eýsem, ýaşlaryň watançylyk duýgusyny ösdürmekdir. Ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny berkitmekde, eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda öz goşandyny goşjak hünärmenleriň şol okuwçylaryň arasyndan çykjakdygyna biz ynanýarys. Şol sebäpli hem, «Açyk gapylar» syýasaty — bu döwletimiziň geljegine gönükdirilen uzak möhletli we netijeli maýa goýumdyr.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty hemişe bilimli, zehinli we maksada okgunly ýaşlar üçin açykdyr. Biz mekdep okuwçylarynyň institutymyza gelip, hünärler bilen tanyşmagyny, mugallymlar bilen pikir alşyp, öz geljekki ýollaryny dogry saýlamagyny goldaýarys. Goý, biziň bilim ojagymyzda kemala gelýän ýaş hünärmenler eziz Watanymyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşsunlar!
