Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti abraýly guramanyň agzalygyna kabul edildi

MilliInfo

27 Oktýabr, 2025

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti abraýly guramanyň agzalygyna kabul edildi

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti resmi taýdan Hazarýaka ýurtlaryň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň assosiasiýasynyň täze agzasy hökmünde saýlanyldy. Bu möhüm çözgüt Gazagystanyň Atyrau şäherinde geçirilen Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň assosiasiýasynyň XXVII Baş Assambleýasynda kabul edildi.  

1996-njy ýylda esaslandyrylan gurama üç onýyllygyň dowamynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň öňdebaryjy uniwersitetlerini birleşdirýär. Häzir onuň düzümine 64 uniwersitet we ylmy-barlag instituty girýär. Nobatdaky möhüm çözgüt bolsa Watanymyzda ýokary bilimiň derejesiniň iň kämil hil ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklady.


Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info