Türkmenistanyň Döwlet sirki 4-nji oktýabrda guraljak täze, täsirli we ýatdan çykmajak sirk çykyşlaryna tomaşa etmäge çagyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň resmi saýtynda bildiriş berildi.
Siziň üçin türkmen sirk sungatynyň şöhratyny dünýä ýaýýan, halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiş gazanyp, baş baýraklara mynasyp bolan meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de «Türkmen jigitleri» toparynyň ajaýyp çykyşlary ýaýbaňlandyrylar. Şeýle hem dünýäniň dürli künjeklerinden getirilip, ýokary derejede tälim berlen täsin jandarlaryň gyzykly hem özüne çekiji çykyşlary tomaşaçylara ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berer.
Biletleri öňünden almak üçin Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň resmi web sahypasyndan hem peýdalanyp bilersiňiz: sirk.gov.tm
Habarlaşmak üçin: 36-10-95 | 36-10-34 | 39-80-44 | 39-80-45
Türkmenistanyň Döwlet sirki size garaşýar. Şatlygyň, joşgunyň, gözelligiň we täsinlikleriň dünýäsine çagalaryňyz bilen bilelikde geliň!
