Az wagt mundan öň Türkmenistanyň hem-de Şri-Lankanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparlarynyň arasyndaky duşuşyk jemlendi. 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň üçünji raundynyň «D» toparçasynyň çägindäki oýun «Arkadag» stadionynda geçirildi.
Birinji ýarymda geçirilen yzygiderli hüjümler ildeşlerimiziň topa eýelik etmekdäki artykmaçlygyny subut etse-de, hasap açylmady. Öňe çykmak ugrundaky synanyşyklar ikinji ýarymda hem dowam etdirildi. Şeýlelikde, 52-nji minutda E.Tagaýew, 57-nji minutda bolsa M.Saparow tapawutlandy. 65-nji minutda G.Annagulyýewiň tötänden öz derwezesine geçiren goly hem türkmen toparynyň nobatdaky 3 utugyna täsirini ýetirip bilmedi.
Şunlukda, türkmen ýygyndysy toparçadaky utuklaryny dokuza ýetirdi.