Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow Meksikada tejribesini artdyrýar

MilliInfo

17 Sentýabr, 2026

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow Meksikada tejribesini artdyrýar

Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň tehniki direktory Röwşen Meredow «FIFA Technical Leadership Diploma» diýen abraýly halkara maksatnama gatnaşýar. Häzirki wagtda maksatnamanyň amaly tapgyry Meksikanyň Mehiko şäherinde üstünlikli geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

FIFA tarapyndan guralýan bu hünär kämilleşdiriş okuwyna bütin dünýä boýunça bary-ýogy 20-ä golaý saýlama hünärmen kabul edildi. Çäklendirilen bu abraýly toparyň hatarynda ildeşimiz Röwşen Meredowyň hem bolmagy ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmaga aýratyn uly goşantdyr.

Jemi 20 aýlyk wagt arakesmeleri bilen dowam etjek uzak möhletli bu okuw 5 sany möhüm ugry öz içine alýar: tehniki öňbaşçylyk, ýokary netijelilik, tälimçileri taýýarlamak, höwesjeňleriň futbolyny ösdürmek, dolandyryş.

Alnan tejribäniň kömegi bilen ýurdumyzda futbol dolandyryşy we tälimçilik mekdebi täze halkara standartlara geçiriler. Şeýlelikde, dünýä futbolynyň öňdebaryjy hünärmenleri (UEFA, AFC, CONCACAF, CONMEBOL, CAF we OFC) bilen tejribe alşylyp, global hyzmatdaşlyk baglary berkidiler.

Türkmen hünärmeni Röwşen Meredowyň bu halkara maksatnama gatnaşmagy türkmen futbolynyň geljegini döwrebap bütindünýä standartlaryna laýyklykdaösdürmäge uly goşant bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info