Milli futbol çempionatymyzyň ikinji ýarymynyň öňüsyrasynda Ýokary liganyň futbol klublarynda transfer täzelikleriniň ençemesi bolup geçdi.
Tomusky transfer möwsüminde toparlarymyzyň düzümine goşulan futbolçylaryň arasynda Russiýanyň medialigasynda çykyş edýän «Lotus Music» toparynyň goragçysy Oraz Ataýewiň «Ahalyň» düzümine goşulmagyny, milli ýygyndymyzyň derwezeçisi Rahat Japarowyň «Aşgabat» toparyna geçmegini hem-de futbol çempionatymyzyň birinji ýarymynda «Altyn Asyryň» derwezeçileriniň tälimçisi bolan Mämmet Orazmuhammedowyň paýtagtymyzyň toparynda derwezeçi hökmünde karýerasyny dowam etdirmek üçin şertnama baglaşandygyny bellemek gerek.
Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň klublary: nobatdaky transferler
«Arkadag» futbol kluby
Gelen oýunçylar: Aşirow Seýran, Esenow Gurbanmuhammet, Amangeldiýew Ibraýym (hemmesi «Ahal»), Ataýew Baýram («Şagadam»).
Bellik: «Arkadag» toparynyň düzümine ýaş futbolçylaryň goşulandygyny bellemek gerek.
«Ahal» futbol kluby
Gelen oýunçylar: Gurbanberdiýew Bäşim, Orazow Oraz («Aşgabat»), Gurbani Amir, Mirzoýew Süleýman, Garaýew Gurbanmyrat — derwezeçi (hemmesi «Şagadam»), Annaýew Enwer — kärendesine («Arkadag»), Ataýew Oraz («Lotus Music», Russiýa)
Bellik: «Ahal» toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.
«Altyn Asyr» futbol kluby
Gelen oýunçylar: Tejenow Didar («Şagadam»), Sekow Igor («Ahal»), Berdiýew Döwletýar — derwezeçi («Aşgabat»), Orazmuhammedow Mämmet — derwezeçi.
Bellik: «Altyn Asyr» toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.
«Şagadam» futbol kluby
Gelen oýunçylar: Akyýew Elýas («Nebitçi»), Gaýlyýew Batyr, Gylyçnyýazow Begenç, Paltaýew Merdan — derwezeçi.
Bellik: «Şagadam» toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.
«Merw» futbol kluby
Gelen oýunçylar: Maksimow Anton, derwezeçi; Orazow Hajymuhammet — kärendesine (ikisi-de «Arkadag»)
Bellik: «Merw» toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.
«Aşgabat» futbol kluby
Gelen oýunçylar: Baýow Begmyrat, Japarow Rahar, derwezeçi (ikisi-de «Ahal»), Didarow Didar («Köpetdag»).
Bellik: «Aşgabat» toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.
«Nebitçi» futbol kluby
Gelen oýunçy: Klimenko Bogdan («Arkadag»)
Bellik: «Nebitçi» toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.
«Köpetdag» futbol kluby:
Gelen oýunçylar: Meredow Daýanç («Ahal»), Saparow Arslan («Altyn Asyr»), Berdiýew Emir («Nebitçi»)
Bellik: «Köpetdag» toparynyň düzümine birnäçe ýaş futbolçy goşuldy.
