Aşgabatda geçýän «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň futbol federasiýasy hem öz pawilýony bilen çykdy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde ýerleşdirilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň diwarlygy sergä gatnaşyjylaryň üns merkezinden ornuny tapdy. Aýratyn hem, «Arkadag» futbol klubunyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň ýeňijisi hökmünde eýe bolan kubogynyň we medallarynyň sergilenmegi ähli myhmanlarda ýakymly täsirleri döretdi. Şonuň bilen birlikde, bu abraýly kubok bilen ýadygärlik surata düşmek ene-atalar we çagalar üçin gaýtalanmajak sowgat boldy.
Diwarlygyň bir tarapynda ýerleşdirilen uly manitor arkaly ýurdumyzyň çempionatynyň oýunlaryndan we milli ýygyndymyzyň duşuşyklaryndan gyzykly pursatlar görkezilýär.
Çäräniň ýaşajyk myhmanlary üçin bolsa «Playstation» oýun-güýmenje guraly arkaly futbol oýnamaga mümkinçilik döredilip, olaryň arasynda gyzykly bäsleşikler geçirildi. Bäsleşikde beýleki deň-duşlaryndan tapawutlanan çagalara Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Giň gerimli gözden geçirilişde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň diwarlygynda görkezilýän gymmatlyklar Watanymyzda sportuň ösüşi we çagalaryň bagtyýarlygy ugrunda edilýän aladalaryň ähli zatdan ileri tutulýandygyny tassyklady.
Ajaýyp serginiň giň hem täsirli medeni maksatnamasy çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri döretdi.