Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Guwançmuhammet Öwekow 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşyna gatnaşdy. Hormatly myhman 11-nji iýunda Mehikonyň rowaýaty «Assteka» stadionynda geçirilen çärä FIFA-nyň resmi çakylygy boýunça bardy.
Oýnuň öňüsyrasyndaky şowhunyň iň täsirli pursady FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň dünýä birinjiliginiň esasy baýragyny — Dünýä kubogyny tanyşdyrmagy boldy. Şeýle hem halkara federasiýasyna agza ýurtlaryň baýdaklarynyň dabaraly ýörişi geçirilip, şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem galdyryldy.
Açylyş dabarasy futbolyň taryhynda final tapgyra birbada 48 milli ýygyndy ýygyndynyň gatnaşýan ilkinji dünýä çempionatyna badalga berdi. Öwüşginli şowhundan soňra, «Asstekanyň» meýdançasyna Meksikanyň we GAR-yň (Günorta Afrika Respublikasynyň) ýygyndy toparlary çykyp, ýaryşyň maksatnamasyny özara duşuşyk bilen açdylar. Şu ýyl dünýä çempionaty üç ýurtda — ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär, ýaryşyň duşuşyklary bolsa 19-njy iýula çenli dowam eder.
