Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum başlandy.
Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň resmi wekilleriniň, hususy pudagynyň agzalarynyň, şeýle hem dünýäniň dürli döwletlerinden bolan myhmanlaryň täsirli çykyşlary diňlenildi.
«Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň we maýadarlaryň netijeli iş alyp barmaklary üçin ähli zerur şertler bar. Bu şertler barada aýdylanda, ilkinji nobatda türkmen bazarynyň özüne çekijiligini üpjün edýän dört sany esasy şertleri agzap geçmek isleýärin: birinjiden – ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy taýdan durnuklylygy örän möhüm şertleriň biri hasaplaýaryn; ikinjiden – Türkmenistanyň kuwwatly çig mal binýady bar, bu hem milli ykdysadyýetiň ygtybarlylygyny kepillendirýär; üçünjiden - içerki bazarda energiýa göterijileriň bahalary bäsleşige ukyply we durnukly derejede saklanýar; dördünjiden - maýa goýumlar babatdaky milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär hem-de maýa goýujylaryň bähbitlerini kepillendirýär. Bu şertler bilelikdäki hyzmatdaşlyga, täze mümkinçiliklere giň ýol açýar» — diýip, forumda çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasary N.Atagulyýew belledi.
Halkara forum ýurdumyzyň hususy böleginiň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak hem-de döwletiň we hususy bölegiň arasynda hyzmatdaşlyk ähmiýetli gatnaşyklaryny ösdürmek üçin möhüm meýdança öwrüldi.
«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum 19-njy martda tamamlanar.