Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty ýaşlary okuwa çagyrýar

MilliInfo

14 sagat öň

milligosun.gov.tm

2026–2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna okuwa kabul etmegiň tertibi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaşlara ýetirildi.

Şunlukda, Harby-deňiz institutda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary, giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär:

  • 1) orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

  • 2) Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlar;

  • 3) harby gulluk ýa-da harby ýygnanyşyklar döwründe harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary);

  • 4)  harby gullugy ýa-da harby ýygnanyşyklary geçen döwründe özleriniň harby gullugy geçmekleri bilen baglanyşykly maýyp bolanyň ýa-da ýaralanyp, synasyna şikes ýetip, seňse bolup kesele ýolukmagy netijesinde harby gullukdan boşan (harby ýygnanyşyklar tamamlanan) gününden soň bir ýylyň dowamynda aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary).

Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär biliminde okamaga isleg bildiren dalaşgärler ýaşaýan ýerleri boýunça etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekillerine, 2026-njy ýylyň ýaz möwsüminde çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlaýan çagyryş boýunça harby gullukçylar bolsa harby bölümiň serkerdesiniň adyna arzalaryny tabşyrmalydyr. Arzalar 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna çenli kabul edilýär.

 Habarlaşma üçin telefon belgileri: 8-00-243 7-97-34,  8-00-12 40-23-28.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info