Türkmenistanyň gyzlar ýygyndysy (U18) CAFA-nyň çempionatynda çykyş eder

MilliInfo

11 Noýabr, 2025

22 — 29-njy noýabr aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionaty geçiriler. Çempionata sebitiň beýleki ýurtlary bilen birlikde, Türkmenistanyň hem 18 ýaşa çenli gyzlar ýygyndysynyň gatnaşjakdygyny assosiasiýanyň Instagram sahypasynda habar berildi.

Şeýlelikde, türkmen ýygyndysynyň aýlawlaýyn tertipde geçiriljek ýaryşa 22-nji noýabrda Täjigistanyň topary bilen boljak duşuşyk bilen başlajakdygy mälim edildi. Türkmen ýygyndysy 23-nji noýabrda Gyrgyzystanyň, 25-nji noýabrda Öübegistanyň, şondan iki gün soň bolsa Eýranyň ýygyndylary bilen duşuşar.  

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info