Türkmenistanyň gyzlar ýygyndysy (U18) CAFA-nyň çempionatyndaky çykyşyna başlaýar

MilliInfo

21 Noýabr, 2025

Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli gyzlardan ybarat bolan ýygyndy topary Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatyna gatnaşýar. Ýaryş 22 — 29-njy noýabr aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçiriler.

Bu ýaryşda Türkmenistanyň gyzlar ýygyndy topary Täjigistanyň (22-nji noýabr), Gyrgyzystanyň (23-nji noýabr), Özbegistanyň (25-nji noýabr) we Eýranyň (27-nji noýabr) ýygyndylary bilen duşuşar.

Türkmenistanyň gyzlar ýygyndy toparynyň (U18) baş tälimçisi Boris Borowigiň halkara ýaryşa gatnaşmak üçin oýunçylaryň 20-sini ýygyndymyzyň düzümine çagyrandygyny bellemek gerek.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo