10-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Awstriýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň möhümdigi aýratyn bellenildi. Nygtalyşy ýaly, bilelikdäki çäreleri, sergileri we ylmy maslahatlary geçirmek arkaly medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam berýär. Bu ugurda Türkmen-awstriýa dostluk topary Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrýan köpri bolup durýar we ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde möhüm orun eýeleýär.
Gahryman Arkadagymyz Neda Bergeriň köp ýyllaryň dowamynda Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandyny belläp, bu topar bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän medeni çäreleriň, hususan-da, «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konsertleriniň, Wena ballarynyň we beýleki medeni çäreleriň möhüm ähmiýetini nygtady.
Neda Berger öz işine berýän ýokary bahasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň berýän yzygiderli goldawlarynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň binýady bolup durýandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň türkmen halky we onuň baý medeni mirasyny gorap saklamak baradaky yzygiderli aladalary Watana hyzmat etmegiň belent nusgasy bolup durýar.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy Neda Bergere ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.
***
Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza sapar bilen gelen Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý bilen duşuşygy boldy.
Hiroýuki Subaý Türkmenistanyň bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändigini aýratyn nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Milli Liderimiz iki dostlukly ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandyny belläp, köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda taslamalary amala aşyrandyklaryna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda täze gurulýan desgalaryň önümçilik taýdan netijeli bolmagyna, ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna hem-de daşary ýurt maýasynyň çekilmegine aýratyn üns berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň «ITOCHU» kompaniýasynyň Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, Keletedäki sement zawodynyň we Mary welaýatyndaky karbamid zawodynyň gurluşygyna gatnaşandygyny belläp, Türkmenistanyň ýola goýlan bu netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
Hiroýuki Subaý Türkmenistanda ýapon kompaniýalaryna netijeli işlemäge döredilýän hemmetaraplaýyn amatly şertler üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.