«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz»: Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi il-ýurt bähbitli çözgütlere beslendi

MilliInfo

20 Sentýabr, 2025

19-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan etdi. Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň eýe bolýan ösüşleri hakynda aýdanlary uly üns bilen diňlenildi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara söz berdi. Bu ýerde Hormatly il ýaşulusy Italmaz Saparlyýew, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Mary welaýaty boýunça bölüm başlygy Jumageldi Ataýew, Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Aknur Çaryýewa, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň hünärmeni Şöhrat Sähedow çykyş etdi. Soňra Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmeni Aýbölek Mamedowanyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň başlygy Röwşen Rejepowyň, Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Muhammet Rejepowyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Sanjar Agajanowyň çykyşlary diňlenildi.

Milli Liderimiz çykyş etmäge isleg bildirenlere söz berdi. Ilki bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Ýazmyrat Atamyradow çykyş etdi. Şeýle hem owganystanly türkmen Ahmad Abdul Rahmana söz berildi.

Soňra arakesme yglan edildi. Arakesme wagtynda Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty geçirildi. Onda Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak barada öňe sürlen teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Arakesmeden soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanymyza söz berdi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimize çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen karar bilen maslahata gatnaşyjylary tanyşdyrmak üçin D.Gulmanowa söz berildi. Ol Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylary Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen karar bilen tanyşdyrdy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň giňden dabaralanýandygynyň güwäsidir. Milli Liderimiz Konstitusiýamyza laýyklykda, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň hem işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden karary esasynda hem Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir etraplarynyň häkimliklerini döretmek, şeýle-de ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumy gurmak hakynda kararlar işlenip taýýarlanyldy diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we hormatly Prezidentimizden bu resminamalara gol çekmegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda degişli resminamalara gol çekdi.

Bu ýerde yglan edilen arakesmäniň dowamynda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda toý sadakasy berildi.

Arakesmeden soňra, mejlis öz işini dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp bolan ýaşululara, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýeländikleri, dürli ulgamlarda çeken asylly zähmeti üçin «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolanlara sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jemleýji sözi bilen çykyş etdi.

Milli Liderimiz gün tertibine girizilen soraglary ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşandygy üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we ähli türkmen halkyna, mejlise gatnaşanlara berk jan saglyk, abadan durmuş, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlandy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo