23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.
Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, ilki bilen, olary we ýurdumyzyň ähli halkyny jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşyndaky möhüm waka — ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, merdana türkmen halkymyza gülläp ösüş we bagtyýarlyk arzuw etdi. Milli Liderimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde merdana ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, hormatly ýaşulularymyz, mähriban enelerimiz, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleri hem-de beýleki çagyrylan adamlar gatnaşdylar.
Dabaraly pursat gelip ýetdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan etdi.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň durmuşyna degişli wajyp soraglaryň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de möhüm çözgütleriň kabul ediljekdigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlaryň biragyzdan goldamagynda we doly makullamagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibiniň tassyklanylandygyny yglan etdi.
«Garaşsyzlygymyzy gorap saklamak we berkitmek biziň beýik maksadymyzdyr. Ýurdumyzyň her bir raýaty bu beýik maksat üçin, döwletimiz, halkymyz, Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz üçin ak ýürekden gulluk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Halk Maslahaty adamlary belent maksatlaryň daşynda birleşdirip, öňe alyp gitmekde uly güýç bolup çykyş edýär!» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň taryhy çykyşr Watanymyzyň ähli pudaklarda ýeten taryhy ösüşleriniň beýanyna öwrüldi.
Soňra wekiliýetleriň agzalaryndan gelip gowşan tekliplere laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň prezidiumy saýlanylýar. Gahryman Arkadagymyz olara öz ýerlerine geçmeklerini haýyş edýär.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine hödürlenen soraglar boýunça çykyş etjek adamlara söz berildi. Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara söz berdi.
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy G.Ballyýew ýaşlarymyzyň Watana wepaly, milli ýörelgelerimize ygrarly, zähmetsöýer, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ýaşuly nesliň adyndan ynandyrdy hem-de Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edip, çykyşyny şahyrana setirler bilen jemledi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Perhat Çaryýew ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň geçen umumy okuw sapagynda Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy köklerini, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň derwaýys ugurlaryny beýan edendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän «Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplary, «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen eserleri ýurdumyzyň bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatyny aýdyň beýan edýär.
P.Çaryýew Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi we ajaýyp goşgy setirleri bilen sözüni jemledi.
Mary welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmany Maýagözel Akmämmedowa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň bagtyýar geljegini üpjün etmekde alyp barýan işiniň halkara giňişlikde ykrar edilýändigi buýsanç bilen bellenildi. Ol Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi we şahyrana setirler bilen çykyşyny jemledi.
Soňra «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gämi gurluşykçysy Abdylwepa Araztuwakowa söz berildi. Ol täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny tassyklady. Türkmenistan Ýewraziýa yklymynyň strategik ulag-logistika çatrygynda ýerleşmek bilen, Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap derejede dikeltmekde ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp, halkara söwda gatnaşyklarynyň täze ugruny açýar. A.Araztuwakow Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, beýik tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi hem-de çykyşyny şahyrana setirler bilen jemledi.
Soňra Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ussasy Batyrguly Çaryýewe söz berildi. Ol gurluşyk işlerine ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmeginiň ýurdumyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün edýändigini belledi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle-de bu maksatnamanyň çäklerinde paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar, senagat kärhanalary, awtomobil ýollary gurlup ulanmaga berilýär.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy Batyr Ataýew Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda harby ulgamda hem taryhy özgertmeleriň amala aşyrylandygyny tassyklamak bilen, milli Ýaragly Güýçlerimiziň has-da kämilleşip, kuwwatly goşuna öwrülendigini nygtady. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi. Bu bolsa dünýäde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizden ugur alýan Harby doktrinamyza laýyklykda, Garaşsyz Türkmenistanyň parahat durmuşyny goramakda Ýaragly Güýçlerimiziň möhüm ornuny has-da pugtalandyrdy.
Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy B.Ataýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň adyndan döwletimiz tarapyndan edilýän aladalar üçin aýratyn hoşallyk bildirip, harby gullukçylaryň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişde buýsanç bilen geçjekdiklerini aýtdy we Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Aýlar Gylyjowa söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda watançylyk, durmuş, jemgyýetde öz ornuňy tapmak, edep-terbiýe bilen bagly geçen umumy okuw sapagynyň ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy pursatlara beslenendigini aýtdy hem-de Milli Liderimiziň atalyk maslahatlaryna, pentlerine we öwüt-nesihatlaryna wepaly bolup, ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň has-da dabaralanmagy ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Soňra Halk Maslahatynyň mejlisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öz işini dowam etdi. Döwlet Baştutanymyzy Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimizde ýerine ýetirilen işleri beýan etmek üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza söz berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglygyny, bagtyýar durmuşy, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde eden taryhy çykyşy eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny giňden açyp görkezdi.
«Kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Biz şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde öňde duran wezipeleri kesgitläris. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, möhüm ähmiýetli resminamalary kabul ederis» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» esasynda, milli ykdysadyýetimiz yzygiderli ösdürilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de geljek üçin meýilnamalar baradaky çykyşy uly üns berlip diňlenildi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň we Hökümet agzalarynyň ýerine ýetiren işlerini beýan edendigini aýtdy hem-de eden çykyşy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyk bildirdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz şu gün Halk Maslahatynyň mejlisinde möhüm ähmiýeti bolan Permandyr Kararlaryň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy.
«Ula hormat, kiçä sylag» diýlişi ýaly, ilki bilen, hormatly ýaşulularymyzy we enelerimizi sylaglamak hakyndaky, zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlar, şeýle hem halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, degişli Perman işlenip taýýarlanyldy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we özara düşünişmegi gorap saklamaga hem-de berkitmäge uly ähmiýet berýär. Bu ugurda halkara başlangyçlaryny yzygiderli öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly milli konsepsiýa işlenip taýýarlandy.
Şeýle hem arassa ganly ahalteke bedew atlarynyň genofonduny gorap saklamak maksady bilen, «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatyny geljekde hem dowam etdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» işlenip taýýarlandy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek maksady bilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. Alnyp barylýan bu işleri mundan beýläk-de dowam etmek maksady bilen «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» işlenip taýýarlandy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimizden bu resminamalara gol çekmegi haýyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda degişli resminamalara gol çekdi.
Soňra arakesme yglan edildi. Arakesmede Söwda-senagat edarasynyň binasynda toý sadakasy berildi. Gahryman Arkadagymyz sadaka gatnaşýanlara ýüzlenip, bu gün, ine, hemmämiz bilelikde parz işi ýerine ýetirdik, öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdik diýip belledi we şu günki berlen sadakalaryň, edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.
«Toýlarymyz toýa ulaşsyn!» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi.
Arakesmeden soňra, mejlis öz işini dowam etdi.
Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanlary esasynda sylaglary gowşurmak dabarasyna başlamagy, Halk Maslahatynda däp bolşy ýaly, hormatly ýaşulularymyza we enelerimize mynasyp bolan sylaglary gowşurmagy teklip etdi hem-de mejlise gatnaşyjylaryň adyndan döwlet Baştutanymyza her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden «Hormatly il ýaşulusy» diýen ada we «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan adamlara sylaglary gowşurmak haýyşy bilen ýüzlendi.
Permanlary okamak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen ada mynasyp bolan ýaşululara hem-de ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýeländikleri, şeýle hem dürli ulgamlarda çeken asylly zähmeti üçin «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolanlara sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz jemleýji söz bilen çykyş etdi.
Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip: «Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde siziň bilen örän möhüm soraglary ara alyp maslahatlaşdyk. Prezident Maksatnamasyna laýyklykda geljekde öňde durýan wezipeleri kesgitledik. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen resminamalary kabul etdik» diýip belledi.
«Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda durmuşa geçirilen beýik işler bilen birlikde, biziň kabul eden maksatnamalarymyzy ýerine ýetirmek, ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin entek etmeli işlerimiz az däl. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda öňde goýlan bu belent wezipeleri ähli halkymyz bilen bilelikde, agzybirlikde, jebislikde üstünlikli amala aşyrjakdygymyza berk ynanýaryn» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni jemledi.
Gahryman Arkadagymyz gün tertibine girizilen soraglary ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de mähriban halkymyza, mejlise gatnaşanlara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etmek bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.
***
Halk Maslahatynyň mejlisi tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mejlisiň üstünlikli geçmegi hem-de halkymyzyň parahat, asuda we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen taryhy ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary-da ýurdumyzyň okgunly ösüşinde möhüm tapgyry alamatlandyran bu mejlisiň üstünlikli geçirilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
